«PSŽ» «Wilýarrealy» rekord tizlikdäki gollar bilen utdy, «MÝ» kambek etdi

Şu gün, 12:481,268
1 / 5

UEFA Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň 4-nji aýlawynyň ilkinji güni janköýerlere birnäçe ýatdan çykmajak duşuşyklary sowgat etdi. 

Agşamky iň täsin netijeleriň birini «PSŽ» görkezdi. Parižliler myhmançylykda «Wilýarreal» klubuny 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi. 

Myhmanlar eýýäm duşuşygyň başynda gol ýagdyryp başlady, sekiz minutyň içinde — 9-njy we 17-nji minutlar aralygynda Žoau Neweş, Dezire Due, Seni Maýulýu we Fabian Ruis gol bilen tapawutlandy. Bu Çempionlar ligasynyň taryhynda bir oýunda dört goluň iň çalt geçirilen ýagdaýy boldy. Ikinji ýarymda Ruis dubl etdi, Dezire Due bolsa hasabyň nokadyny goýdy.

Ýaryşyň häzirki çempionlary 4 oýunda 12 utuk toplap, ýaryş jedweliniň başyny çekip gelýär.

«Old Traffordda» geçen oýun has dartgynly boldy, ol ýerde «Mançester Ýunaýted» «Romany» kabul etdi. 

Rimliler 17-nji minutda Matias Suleniň we Doniell Maleniň gollary netijesinde 2:0 hasaby bilen öňe saýlandy. Birinji ýarymdan soň mançesterli toparyň tälimçisi Maýkl Kerrigiň bu wezipesinde galjagyna ynanýan azdy. Emma eýýäm ikinji ýarymda ýer eýeleri ýagdaýy düýpgöter üýtgetmegi başardy: Brunu Fernandeş penaltini dürs ýerine ýetirdi, Mateus Kunýa bolsa duşuşygyň ahyrynda dubl etdi. «Ýunaýted» 3:2 hasabynda ýeňiş gazanyp, ýeňlişsiz dokuz oýnuň arasyny üzdi. Dogrusy, Kunýanyň özi ýeňiş golundan soň tribunada (üstesine-de, köýnekçesini çykaryp) baýram edeni, yzýany-da düzgüni bozmagy sebäpli iki sary kart alyp, meýdançany terk etmeli boldy.

Madriddäki oýunda «Bawariýa» «Atletikony» 2:0 hasabynda utdy. 54-nji minutda ilkinji goly 18 ýaşly Lennart Karl geçirdi, 74-nji minutda bolsa Konrad Laýmer myhmanlaryň artykmaçlygyny berkitdi.

«Barselona» öz öýünde «Aston Willany» 3:0 hasaby bilen ýeňdi. Lamin Ýamal hasaby açdy, Rafinýa bolsa dubl etdi. Katalonlar 19 aýyň dowamynda ilkinji gezek ýewrokubok oýnunda öz derwezesine gol geçirtmedi. 

Mundan başga-da, Ýamal 20 ýaşyna ýetmänkä Çempionlar ligasynda özüniň 14-nji goluny geçirip, Kilian Mbappeniň rekordyny täzeledi.

Beýleki duşuşyklaryň arasynda «Interiň» «Feýenoordy» 3:0 hasabynda utandygyny bellemek bolar.

3/4-nji noýabrdaky ähli netijeler:

  • «Şahtýor» — «Sporting» — 0:1
  • «Galatasaraý» — «Ştutgart» — 2:0
  • «Atletiko» — «Bawariýa» — 0:2
  • «Barselona» — «Aston Willa» — 3:0
  • «Feýenoord» — «Inter» — 0:3
  • «Budö-Glimt» — «Lill» — 0:0
  • «LASK» — «Slowan» — 4:0
  • «Mançester Ýunaýted» — «Roma» — 3:2
  • «Wilýarreal» — «PSŽ» — 0:6

Şu günki garaşylýan oýunlar: Şu gije dördünji tapgyryň ýene-de dokuz duşuşygy bolar. Aýratyn üns «Fenerbahçe» — «Liwerpul» we «Leýpsig» — «Mançester Siti» duşuşyklaryna, şeýle hem «AEK» bilen «Real Madridiň», «Slawiýa» bilen «Arsenalyň» arasyndaky bäsleşiklere gönükdiriler.

Oýunlaryň başlanýan wagty Aşgabat boýunça görkezilen:

  • 22:45 — «AEK» — «Real Madrid»
  • 22:45 — «Fenerbahçe» — «Liwerpul»
  • 01:00 — «Borussiýa» (Dortmund) — «Betis»
  • 01:00 — «Portu» — «Napoli»
  • 01:00 — «PSW» — «Brýugge»
  • 01:00 — «Leýpsig» — «Mançester Siti»
  • 01:00 — «Lans» — «Komo»
  • 01:00 — «Slawiýa» — «Arsenal»
  • 01:00 — «Wiking» — «Sabah»