Peruwda syýahatçylara adaty bolmadyk dynç alyş mümkinçiligi hödürlenýär. «Skylodge Adventure Suites» myhmanhanasy inkleriň Mukaddes jülgesinden 365 metr belentlikde aýna diwarly kapsulalary ýerleşdiripdir diýip, BBC habar berýär.
Bu üýtgeşik otagda gijäni geçirmek üçin syýahatçylar dik gaýa, takmynan, iki sagat dyrmaşmaly, ertesi gün irden bolsa alty sany ziplaýn (tigirçekli polat zynjyr) boýunça aşak inmeli bolýarlar.
Myhmanhana Paçar obasynyň golaýynda, Kusko şäherinden, takmynan, 90 minutlyk uzaklykda ýerleşýär. Kapsulalar göni gaýanyň ýüzüne berkidilip, olara diňe ýörite enjamlaşdyrylan demir basgançaklar, çykytlar we tanaply geçelgeler arkaly baryp bolýar. Käbir ýerlerde syýahatçylar howpsuzlyk enjamlaryny ulanyp, uçudyň üstünden geçmeli bolýar.

Myhmanhanada bir gije geçirmegi ýüregine düwen BBC-niň žurnalisti Jina Trumanyň aýtmagyna görä, bu belentlige çykmak, hatda tejribeli syýahatçy üçin hem ýeňil bolmandyr. Deňiz derejesinden 3200 metrden gowrak belentlikde howanyň ýeterlik bolmazlygy dem alşy kynlaşdyrypdyr, dik gaýalar we aşakdaky çuň jülge bolsa belentligiň täsirini has-da güýçlendiripdir.
Iki sagada golaý dyrmaşanlaryndan soň myhmanlar naharlanmak üçin niýetlenen kapsula ýetýärler. Bu ýerde olara peru aşhanasynyň milli tagamlarynyň birnäçesinden ybarat agşamlyk nahary hödürlenýär. Soňra myhmanlar ýolbeletleriň kömegi bilen aýratyn ýatylýan kapsulalara geçýärler.

Kapsulalaryň içinde düşekler we ýyldyzly asmany synlamaga mümkinçilik berýän panorama penjireleri bar. Hammam otagynda bolsa ekologik taýdan arassa, kapsulanyň beýleki böleginden galyň tuty bilen bölünýän hajathana ýerleşdirilipdir. Bu ýerde duş ýok.
Gijelerine howanyň temperaturasy çalt peselensoň, myhmanlara ýyly ýorganlar berilýär.

Irden syýahatçylara ertirlik hödürlenýär. Soňra bolsa hersiniň uzynlygy 150 metrden 700 metre çenli bolan alty sany ziplaýn arkaly aşak iniş başlanýar. Yza dolanmak üçin bir sagatdan hem az wagt gerek bolýar.

«Skylodge Adventure Suites» myhmanhanasynda bir gije galmagyň bahasy, Kusko şäherinden transferi, ýolbelet hyzmatyny, gaýa dyrmaşmak we ziplaýn arkaly ondan aşak inmegi goşmak bilen birlikde, adam başyna 1640 peru soluna — takmynan, 480 dollara deňdir.
Has rahat dynç almagy halaýan syýahatçylar üçin kompaniýa dagyň etegine golaý ýerde ýerleşýän başga görnüşli kapsulalary hem hödürleýär. Olara pyýada baryp bolýar. Bu otaglarda duş, adaty hajathana we açyk howadaky gidromassaž wannasy bar.
Öň hem belläp geçişimiz ýaly, «Skylodge» myhmanhanasy bir wagtlar Ink imperiýasynyň möhüm ekerançylyk merkezleriniň biri bolan Mukaddes jülgede ýerleşýär. Häzirki wagtda bu sebite syýahatçylary gadymy harabalyklar, däp-dessurlaryny saklap galan obalar we And daglarynyň ajaýyp tebigaty özüne çekýär.