27-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanuna gol çekdi. Bu barada döwlet Baştutanynyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň jemleri boýunça «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de 25-nji noýabrda geçirilen parlamentiň nobatdaky maslahatynyň netijeleri barada hasabat berdi. Onda 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakyndaky Kanun, şeýle hem 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda Mejlisiň karary kabul edildi.
Mundan başga-da, parlamentiň ýolbaşçysy Mejlisiň gatnaşmagynda geçirilen halkara çäreler barada aýtdy. Hususan-da, 17–18-nji noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyna we parlament diplomatiýasyna bagyşlanan ýokary derejeli üçünji Aşgabat maslahaty geçirildi. Ýene bir iri çäre Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň çäginde 19–20-nji noýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisleri boldy. Olaryň jemleri boýunça Türkmenistanyň Mejlisine GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň ýanynda synçy derejesi berildi.
Döwlet býujeti hakyndaky Kanuna gol çekip, döwlet Baştutany döwrüň talaplaryny nazara almak bilen, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady.