Maskyň imperiýasy sarsdy: ol bir günde $80 milliard ýitirdi

Düýn, 13:477,201

Ilon Maskyň baýlygy bir günüň dowamynda 80 milliard dollar azalyp, 800 milliard dollardan aşak düşdi. Muňa ABŞ-daky aralyk saýlawlardan soň tehnologiýa kompaniýalarynyň paýnamalarynyň köpçülikleýin arzanlamagy netijesinde Tesla-nyň we SpaceX-iň hem paýnamalarynyň bahasynyň birden pese gaçmagy sebäp boldy diýip, Forbes neşiri habar berýär.

Neşiriň maglumatlaryna görä, diňe 5-nji noýabr, penşenbe güni milliarderiň baýlygy 9 göterimden gowrak azaldy. Tesla kompaniýasynyň paýnamalary 11,5 göterim arzanlap, awgust aýyndan bäri iň pes derejä düşdi. SpaceX kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasy bolsa 8 göterim pese gaçyp, takmynan, 125 dollara deň boldy. Ýöne muňa garamazdan, Mask dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda birinji orny saklap galdy.

Paýnamalaryň bahasynyň aşaklamagy telekeçi üçin şowsuz geçen hepdäniň dowamy boldy. Beýleki neşirleriň hasaplamalaryndan çen tutsaň, onuň bir hepdedäki ýitgisi tas 90 milliard dollara ýetdi.

Maýa goýujylaryň ýagdaýyna ABŞ-da geçirilen aralyk saýlawlaryň netijeleri hem täsir etdi. Demokratlar Wekiller palatasyna we Senata gözegçiligi ele aldylar. Bu bolsa Kongresiň iri tehnologiýa kompaniýalarynyň işine has köp üns bermegine getirip biler. Şeýle-de maýa goýujylar emeli aň ulgamyna we maglumat merkezleriniň gurluşygyna gözegçiligiň güýçlendirilmeginden howatyr edýärler.

Mask Respublikan partiýanyň dalaşgärlerini işjeň goldapdy, emma olaryň köpüsi saýlawlarda ýeňlişe sezewar boldy. Indi ýurtdaky syýasy ýagdaýyň üýtgemegi onuň kompaniýalarynyň iri taslamalarynyň amala aşyrylmagyny kynlaşdyryp biler. Esasan-da, emeli aň üçin zerur bolan infrastruktura we ýarymgeçirijileri öndürmek boýunça taslamalaryň ösdürilýän Tehas ştatynda bu ýagdaýyň täsiri duýulmagy mümkin.

Forbes neşiriniň bellemegine görä, paýnamalaryň arzanlamagy beýleki iri telekeçileriň baýlygyna hem täsir etdi. Dell Technologies kompaniýasynyň ýolbaşçysy Maýkl Dell bir günde 18,6 milliard dollar, Oracle kompaniýasynyň esaslandyryjylaryndan Larri Ellison 11,3 milliard dollar, Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg bolsa 9,4 milliard dollar ýitirdi.