Türkmen banklarynda «Cash back» hyzmatlary ornaşdyrylar

16.11.2019, 06:247,931

Ýurdumyzyň banklarynda «Cash back» bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak boýunça seljerme geçirildi. Seljermäniň netijeleri barada Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy hökümet mejlisinde hasabat berdi.
Häzirki zaman şertlerinde pul-karz ulgamyny ösdürmek, awtomatlaşdyrmak işi, bank önümlerini bazarlarda ilerletmek boýunça iň täze tehniki serişdeler hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar bilen baglanyşyklydyr. Şunda karz edaralarynyň hyzmatlarynyň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak boýunça Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyny ýerine ýetirmek bilen baglylykda, netijeli gurallaryň gözlegine uly ähmiýet berilýär.
Türkmen döwletiniň ösüşiniň häzirki tapgyrynda bu ulgamda innowasion işläp taýýarlamalary işjeň ulanmagyň uly geljegi bardyr. Milli Liderimiz «Cash back» hyzmatlarynyň ýurdumyzyň banklarynyň tejribesine ornaşdyrylmagynyň olaryň bäsdeşlik artykmaçlyklaryny pugtalandyrmaga, töleg kartlaryny ulanyjylary giňden çekmäge ýardam etmelidigini aýdyp, degişli ýolbaşçylara şu hyzmatlary hödürlemekde ýüze çykýan gatnaşyklaryň kanunçylyk taýdan kadalaşdyrylmagyny üpjün etmek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.