«Samsung» telewizorlaryň satuwy boýunça dünýäde öňdeligi eýeleýär

05.12.2019, 19:541,605

TrendForce analitik agentliginiň neşir eden maglumatlaryna görä, telewizorlaryň dünýä boýunça satuwy 54,97 mln birlige ýetdi.
Samsung satuwyň möçberi boýunça liderligini saklap gelýär. Geň galdyrýan zat, Xiaomi satuwynyň 8,3 %-e çenli peselmegi bilen 5-nji orna düşdi. Samsung TV-niň umumy satuwy LG-den 7,24 mln artyk bolup, üçünji çärýekde 10,41 mln birlige ýetdi. Üçünji orunda 4,8 mln telewizor bilen TCL kompaniýasy ýerleşdi, ondan soň 4,62 mln bilen Hisense gelýär.
Umuman, üçünji çärýekde satuwyň umumy ösüşi gazanyldy, aýratynam, Hisense-de – geçen çärýek bilen deňeşdirilende 48,6 %. Xiaomi-niň telewizorlary satmak bilen bagly ýagdaýy has geň galdyrdy. Kompaniýa 2,75 mln görkeziji bilen belli bir derejede öz bäsdeşlerinden yza galýar. Mundan başga-da, Xiaomi – sanawda satuwynyň ösüşiniň depgini pes bolan ýeke-täk kompaniýa. TrendForce-iň garaýşyna görä, telewizoryň satuwy 2019-njy ýylyň dördünji çärýeginde 65,42 mln birlige ýeter.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.