Geçen hepde boýunça Türkmenistanyň birža täzelikleri

04.01.2020, 22:503,365

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 7-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan gelen telekeçiler «Türkmenhimiýa» DK-nyň öndüren karbamidini, Gyrgyzystandan gelen işewür toparlaryň wekilleri nah ýüplük satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 11 million 418 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Russiýadan we Türkiýe Respublikasyndan gelen işewürler jemi bahasy 1 million 123 müň manatlykdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 201 müň manatlykdan gowrak pagta süýümini satyn aldylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.