«Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryny amala aşyrmakda öňdebaryjy ýurtlaryň biri» — Ýelena Panowa

14.01.2020, 23:371,816

Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa çykyş etdi.
Çykyşda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryny amala aşyrmakda öňdebaryjy ýurtlaryň biri bolup durýar. Türkmenistanyň DÖM-ne ýetmek üçin mäkäm binýady goýup, milli utgaşdyryjylyk guralyny döredip hem-de DÖM-niň maksatlaryny we wezipelerini 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Prezident maksatnamasyna goşmagy esasy üstünlik bolup durýar.
Ýelena Panowa Gurbanguly Berdimuhamedowy geçen ýylyň iýulynda Nýu-Ýorkda BMG-de birinji Meýletin milli synyň üstünlikli tanyşdyrylmagy bilen gutlap, bu ýylyň Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek üçin aýgytlaýjy ýyldygyny belledi. BMG-niň Baş sekretary şu ýyly aýgytly hereketleriň on ýyllygynyň başlangyjy diýip yglan etmek bilen, bu döwürde dünýäniň ähli ýurtlary 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek üçin ähli tagallalaryny birleşdirmelidir.
Şunuň bilen baglylykda, Hemişelik utgaşdyryjy maslahata gatnaşyjylaryň ünsüni 2020-nji ýyl üçin esasy ugurlara çekdi, şolaryň amala aşyrylmagy ýurtda DÖM-e ýetilmegini çaltlandyrmaga ýardam eder. Ugurlaryň hatarynda Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek üçin maliýeleşdirmegi jemlemek babatda hyzmatdaşlygy berkitmek wezipesi bar.
Türkmenistan durmuş hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek boýunça bilelikdäki taslamany amala aşyrmak üçin DÖM-niň şol Global gaznasynyň maliýe serişdelerini alan 36 ýurduň biri boldy. Ol 2020-nji ýylda amala aşyrylyp başlanýar, oňa BMG-niň agentlikleriniň birnäçesi we ministrlikleriň altysy gatnaşar. BMG tarapyndan esasy ýerine ýetiriji ÝUNISEF bolar, Türkmenistanyň Hökümeti tarapyna bolsa Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi wekilçilik eder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.