Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri bellenildi

12.02.2020, 22:2915,135

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary bilen, general-maýor Ýaýlym Berdiýew başga işe geçmegi sebäpli milli howpsuzlyk ministri wezipesinden boşadyldy. Döwlet Baştutanynyň gol çeken degişli resminamasy «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen polkownik Annaýew Gurbanmyrat Kakamyradowiç milli howpsuzlyk ministri wezipesine bellenilip, milli howpsuzlyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.