11-nji martda Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapary başlanýar

10.03.2020, 22:507,373

11-nji martda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapary başlanýar. Bu sapar Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça amala aşyrylýar.
TDH agentliginiň habar berşi ýaly, Baku şäherinde geçiriljek şu gezekki duşuşygyň çäklerinde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Ilham Aliýew türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň esasy ugurlary, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň meseleleri boýunça pikir alşarlar.
Garaşylyşy ýaly, gepleşikleriň barşynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge we ösdürmäge uly üns berler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.