Geçen hepde boýunça Türkmenistanyň birža täzelikleri

28.03.2020, 23:033,841

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit ýol bitumyny, şeýle hem karbamid (Türkmenhimiýa» DK) satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 7 million 542 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 3 million 668 müň manatlykdan gowrak «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen polietileni, plastik tarany we ýer gazyjy enjamy satyn aldylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.