Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryny maslahatlaşýar

16.04.2020, 23:113,486

16-njy aprelde Daşary işler ministrliginde “Ýewropa Bileleşigi--Merkezi Aziýa: suw serişdeleri, daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi ugurlarynda hyzmatdaşlyk” atly taslamanyň (WECOOP) sebitleýin ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideomaslahat geçirildi.
Duşuşyga ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri gatnaşdylar.
Bu gezekki wideomaslahatyň dowamynda suw serişdelerini durnukly dolandyrmak boýunça bilelikdäki taslamalar we degişli çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Olary ÝB — Merkezi Aziýa: suw serişdeleri, daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi ugurlarynda hyzmatdaşlyk taslamasynyň üçünji tapgyrynyň çäklerinde ÝB-niň goldaw bermeginde amala aşyrmak meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň “Galyndylar hakynda”, “Atmosfera howasyny goramak hakynda”, “Ekologiýa seljermesi hakynda” Türkmenistanyň kanunlaryna kadalaşdyryş namalaryny taýýarlamak, öňdebaryjy halkara tejribesini ulanmak arkaly Türkmenistanyň Tokaý kadastryny taýýarlamak, şeýle hem Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň işgärleri üçin okuw sapaklaryny guramak geçirilen pikir alyşmalaryň özenini düzdi.
Onlaýn—duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň köpugurly mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyny şertlendirýän geňeşmeleriň yzygiderli guralmagynyň wajypdygyny nygtadylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.