Türkmenistan we Ysraýyl önümleriniň özara eksportyny artdyrmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

12.05.2020, 18:073,822

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, 11-nji maýda wideokonferensiýa görnüşinde Türkmenistanyň we Ysraýyl Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýe bolup durýandygyny tassykladylar. Syýasy-diplomatik özarahereketleri ösdürmegiň, halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde özarahereket etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Diplomatlar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerine jikme-jik seredip geçdiler. Türkmen we ysraýyl önümleriniň özara eksportyny artdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hakynda gürrüň etmek bilen taraplar agrar pudagyna, saglygy goraýyşa hem-de innowasiýalar ulgamynda tejribe alşylmagyna aýratyn üns berdiler.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary, ysraýyl tarapyna – Ysraýylyň DIM-niň baş direktorynyň orunbasary, Ýewro-Aziýa we Balkan ýurtlary Departamentiniň müdiri, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi Geri Koren ýolbaşçylyk etdiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.