Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň täze başlygy saýlanyldy

13.05.2020, 23:079,017

13-nji maýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň umumy ýygnagynda ýurdumyzda hususy işewürligi mundan beýläk-de ösdürmegiň häzirki wagtdaky meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Umumy ýygnakda şeýle hem guramaçylyk meselelerine garaldy, oňa laýyklykda, D.Hudaýberdiýew Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy wezipesine saýlanyldy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 2008-nji ýylyň martynda döredildi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 12 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen maslahatda bellenilişi ýaly, 2019-njy ýylyň 1-nji martyndan 2020-nji ýylyň 1-nji marty aralykda 1809 sany telekeçi Birleşigiň agzalygyna kabul edildi. Bu günki gün olaryň jemi sany 24 200-e ýetdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.