«Sumitomo» ýapon kompaniýasy türkmen bazarynda ornuny giňeltmäge gyzyklanma bildirýär

14.05.2020, 23:356,762

«Sumitomo Сorporation» kompaniýasynyň wekilleri daşary ýurtly işewür hyzmatdaşlaryň netijeli işi ugrunda ähli zerur şertler döredilen, geljegi uly türkmen bazaryndaky ornuny giňeltmäge gyzyklanma bildirýärler. Bu barada 14-nji maýda «Türkmenawtoulaglary» agentliginde ýapon kompaniýasynyň wekilleri bilen ykdysady taslamalar boýunça özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge bagyşlanyp geçirilen wideomaslahatda bellenildi.
Wideomaslahatda elektroenergetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe möhüm ugurlary, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, oba hojalygy we beýleki pudaklarda tagallalaryň birleşdirilmeginiň netijeli boljakdygy barada aýdyldy.
Şeýle hem Türkmenistanda «Demirgazyk — Günorta» we «Gündogar — Günbatar» ugurlary boýunça yklym ähmiýetli ulag-üstaşyr merkezini döretmegiň çäklerinde logistika ulgamdaky özara gatnaşyklaryň meselelerine garaldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.