Eýran ýakyn günlerde Türkmenistan bilen serhedi açmagy meýilleşdirýär

31.05.2020, 17:0015,381

Eýranyň Gümrük müdirliginiň (IRICA) metbugat-sekretary Seýed Ruholla Latifiniň aýtmagyna görä, lukmançylyk protokollarynyň doly ýerine ýetirilen ýagdaýynda Türkmenistanyň we Eýranyň serhetleri ýakyn wagtda ýene-de açylyp bilner. Bu barada InfoŞOS portaly habar berýär.
Şeýle hem birnäçe günüň dowamynda Eýranyň we Owganystanyň hem söwda işjeňligi dikeldiler.
IRICA-nyň wekiliniň sözlerine görä, Owganystan Eýran – Owganystan – Täjigistan we Eýran – Owganystan – Özbegistan üstaşyr ugurlarynyň hereketine taýýar. Ýük ulaglary Türkmenistan bilen Eýran serhetleriniň gaýtadan açylan ýagdaýynda bu ugurlar boýunça hereket edip bilerler.
Öň habar berlişi ýaly, Eýranyň ýol we şähergurluşyk ministri Mohammad Eslaminiň aýtmagyna görä, 12-nji maýda türkmen we özbek kärdeleri bilen geçirilen gepleşikleriň netijesinde ylalaşyk gazanyldy. Bu ylalaşyga laýyklykda, Eýranyň we Türkmenistanyň serhedinden geçýän otlular we ýük awtoulaglary üçin ýöriteleşdirilen zyýansyzlandyryjy geçelgeler dörediler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.