Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri «Sanly dolandyryş» okuwyny geçdiler

09.06.2020, 23:345,758

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistraturasynyň «Sanly dolandyryş» synag okuwynyň diňleýjilerine hormat hatlary gowşuryldy. BMG-niň Ösüş maksatnamasy (UNDP) bilen bilelikdäki taslamanyň çäklerinde işlenip taýýarlanylan hem-de ornaşdyrylan gysga möhletli täze okuw maksatnamasy şu ýylyň mart aýynda badalga aldy. Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleriniň 20-si okuwlaryň ilkinji diňleýjileri boldular.
Özüne 10 dersi birleşdirýän täze okuw tapgyry diňleýjilere sanly ulgamy ösdürmek şertlerinde döwlet dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin döwrebap maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmäge ýardam eder.
Munuň özi Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna doly laýyk gelýär. Şol konsepsiýa bolsa IT — tehnologiýalaryny giňden ulanmagyň hasabyna halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň netijeli işlemegine gönükdirilendir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.