Türkmenistanyň wekilleri hususy bölegiň ykdysady durnuklylygyny üpjün etmekde halkara tejribesi bilen tanyşdy

18.06.2020, 23:094,151

Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Halkara zähmet guramasy tarapyndan geçirilen sebitleýin wideookuw maslahatyna gatnaşdylar.
COVID-19 koronawirus pandemiýasy zerarly dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýy nazara almak bilen, ýiti ýokanç keseliň ykdysadyýete ýetirýän oňaýsyz täsirini peseltmegiň mümkin bolan ýollaryny gözlemäge esasy ünsi çekildi.
Okuw maslahatyna gatnaşyjylar kärhanalaryň, şol sanda ählumumy maliýe-ykdysady ulgamyň islendik üýtgemeleriniň ýetirýän amatsyz täsirine has köp garaşly bolan hususy bölegiň ykdysady durnuklylygyny üpjün etmekde halkara tejribesi bilen tanyşdyryldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.