Berkararlyk etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy, Aşgabadyň häkimine käýinç yglan edildi

27.06.2020, 23:3312,325

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, şäheri abadanlaşdyrmak boýunça işleriň gidişinde gözegçiligi gowşadandygy üçin Aşgabat şäheriniň häkimi Ýaztagan Gylyjowa käýinç yglan edildi.
Şeýle hem Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Bagtyýar Bäşekow işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmeklik şol etrabyň häkiminiň orunbasary Toýly Ataýewiň üstüne ýüklenildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.