Aşgabadyň Berkararlyk etrabyna täze häkim bellenildi

07.07.2020, 23:448,273

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Ataýew Toýly Alladurdyýewiç Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadylyp, bu etrabyň häkimi wezipesine bellenildi. Bu barada TDH agentligi habar berýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Röwşen Orazmyradowiç Işanow Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.