Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy elektron resminama dolanyşygy ulgamyny ornaşdyrdy

09.08.2020, 19:2815,327

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda elektron resminamalar dolanyşygyny ornaşdyrmak boýunça taslama durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda taslamanyň ilkinji tapgyry işe girizildi. Bu taslama «Asman oky» Hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde amala aşyrylýar. Taslamanyň ilkinji tapgyrynyň barşynda ulgamy gurnamak hem-de işe girizmek işleri geçirildi. Bu barada gullugyň resmi saýty habar berýär.

Ilkinji tapgyryň netijeleriniň görkezişi ýaly, Gullukda iş dolanyşygyny amatly gurnamak üçin oňyn mümkinçilik döredýär, işleriň ýerine ýetirilişiniň wagtyny birnäçe esse azaldýar, bu bolsa dolandyryş işini oňyn täsirini ýetirer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.