2021-nji ýylda Türkmenistanda 1 mln 400 müň tonna galla hasylyny almak meýilleşdirilýär

15.08.2020, 13:5410,168

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, 2020-nji ýylda Türkmenistan boýunça 690 müň gektara güýzlük bugdaý ekiler we şonça meýdandan 1 million 400 müň tonna galla hasylyny almak meýilleşdirildi.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine ýerleriň kärendeçileri, peýdalanyjylary we eýeleri bilen şertnamalary baglaşmak esasynda welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde 2021-nji ýylyň hasyly üçin ýurdumyz boýunça bellenen meýdana bugdaý ekip, degişli möçberde hasyl almagy üpjün etmek tabşyryldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.