1-nji sentýabrda türkmen-eýran serhedindäki barlag-goýberiş nokady açylar

15.08.2020, 18:2140,952

Türkmenistanyň Balkan welaýatynda we Golestan welaýatynda ýerleşýän «Altyn Asyr» (Türkmenistan) we «Inçe-Burun» (Eýran Yslam Respublikasy) gümrük barlag-goýberiş nokatlary 2020-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan açylar. Bu barada "ISNA" eýran habarlar agentligine salgylanyp, ORIENT habar berýär.

Eýran Türkmenistan üçin ikitaraplaýyn özara peýdaly gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolan onlarça iri taslama durmuşa geçirilen ýa-da tamamlaýjy tapgyrda duran esasy ykdysady hyzmatdaşlaryň biri bolup durýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.