Owgan elektroenergetika kompaniýasy TOP taslamasyny durmuşa geçirmäge başlady

10.09.2020, 17:207,116

Owganystanyň Da Afghanistan Breshna Sherkat (DABS) milli elektroenergetika kompaniýasy Türkmenistan bilen Owganystanyň Hökümetleriniň Pakistana elektrik energiýasyny üstaşyr geçirmek barada ylalaşandygyny mälim etdi. Bu barada owgan HBS-i habar berýär.

Türkmenistandan Hyrat we Farah owgan welaýatlaryna çenli geçiriljek TOP-nyň (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan) birinji tapgyry Owganystanda elektrik energiýasyna elýeterliligi ýokarlandyrar. Taslamanyň ikinji tapgyry amal edilende Owganystan elektrik energiýasyny Pakistana geçirmekden ýylda $50 million gazanar.
Häzir Owganystan goňşy ýurtlardan elektrik energiýasyny satyn almaga her ýylda $220 milliondan gowrak sarp edýär. Muňa garamazdan, ýurduň ýaşaýjylarynyň diňe 30%-iniň elektrik energiýasyna elýeterliligi bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.