Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparyň düzümi tassyklanyldy

03.10.2020, 22:545,597

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň düzümini tassyklady. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Bu resminama Hazarýaka döwletler bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek, şeýle hem ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň Hazar deňzi boýunça işini utgaşdyrmak maksady bilen kabul edildi.