Türkmenistan ýurdumyza gelýän awtoulag serişdeleri üçin ýeke-täk nyrhy girizer

04.10.2020, 22:5336,505

Daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistana gelýän we onuň çäginden üstaşyr geçýän awtoulag serişdeleriniň we motosiklleriniň eýelerinden alynýan ýygymlaryň hem-de tölegleriň möçberlerini seljermek boýunça Pudagara topar döredildi. Bu barada wise-premýer B.Öwezow Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.

Bellenilişi ýaly, Pudagara toparyň ikinji mejlisinde ýurdumyza gelýän awtoulag serişdeleri üçin ýeke-täk nyrhy girizmek hem-de awtoulag tirkegleriniň we ýarym tirkegleriň eýelerinden alynýan ýygymlaryň möçberine seljerme işlerini geçirmek teklip edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.