Aşgabat we Kabul strategik hyzmatdaşlygy berkidýär

09.10.2020, 16:125,293

Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamanyň tassyklanandygy baradaky hatlary alyşmak hakynda Teswirnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Dabara düýn OYR-nyň Daşary işler ministrliginiň binasynda geçdi, diýip ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Bu resminama, öz nobatynda Türkmenistanyň we OYR-nyň arasyndaky döwletara we hökümetara ylalaşyklaryň uly toplumyny has-da giňeltmäge gönükdirilendir.
Soňky döwürde taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny işjeň berkidýärler. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň sentýabr aýynyň ahyrynda Kabul şäherinde Türkmenistanyň we Owganystanyň arasyndaky bilelikdäki düzümleýin taslamalaryň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmegine itergi berjek birnäçe möhüm resminamalara gol çekilendigini bellemek gerek.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.