Myrat Arabow “Halkbank” PTB-niň müdiriýetiniň başlygy wezipesine saýlandy

17.10.2020, 15:0012,147

Türkmenistanyň Prezidenti Myrat Arabowy “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesine saýlamak hakynda “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2020-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda çykaran 1-nji Kararyny tassyklady.

Mundan öň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, Türkmenistanyň Merkezi bankyna Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony guramaçylyk-hukuk görnüşi açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bolan «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankyna bellenen tertipde öwürmek tabşyryldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.