Ykdysadyýeti pandemiýadan soň dikeltmegi goldamak meselelerine garaldy

19.10.2020, 23:415,286

Şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde wideomaslahat görnüşinde Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Halkara pul gaznasynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Gün tertibinde ykdysadyýeti pandemiýadan soň dikeltmäge goldaw bermekde hususy maliýeleşdirmegi çekmegiň meselelerine garaldy.

Türkmenistan halkara guramalary, şol sanda maliýe guramalary, aýry-aýry döwletler bilen COVID-19 garşy göreşmekde we onuň netijesinde ýetirilen durmuş-ykdysady, ynsanperwer häsiýetli zyýanyň azaldylmagy boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýär.
Nygtalyşy ýaly, häzirki çökgünlik sebitiň ösüşine zyýanly täsirini ýetirdi we döwletleriň hökümetleri ilatyň goragsyz gatlaklaryny hem-de pudaklary goramak üçin anyk ykdysady çäreleri gördüler. Pikir alyşmalaryň çäklerinde ýurtlaryň ileri tutulýan ugurlar boýunça çykdajylarynyň mümkinçiliklerini saklamagyň wajypdygyna üns berildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.