Türkmenistanyň Prezidenti Emomali Rahmony Täjigistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi bilen gutlady

31.10.2020, 06:3712,733

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Emomali Rahmona onuň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda Täjigistanyň doganlyk halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.
Duşenbe şäherinde täze saýlanan Prezidentiň bäşinji möhlete öz wezipesine girişmek dabarasy geçirildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.