Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişi tamamlandy

31.10.2020, 07:003,581

Türkmen ekerançylary güýzlük bugdaýyň ekişiniň tamamlanandygy barada hasabat berdiler. Şu möwsümde bugdaý 690 müň gektar meýdana ekildi.

Ekiş möwsümi bellenen möhletlerde hem-de ähli agrotehniki kadalar berjaý edilip geçirildi. Munuň özi gymmatly azyk ekininden bol hasyl alynjakdygyna güwä geçýär.
Geljek ýylda Türkmenistanda 1 million 400 müň tonna bugdaý taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.