Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň işine nägilelik bildirdi

05.02.2021, 06:3914,746

Wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy Nyýazlyýew Nyýazly Myradowiçe berk käýinç yglan edildi. Degişli resminama Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Döwlet Baştutany gurluşyk-senagat toplumyny ösdürmek boýunça geçiren iş maslahatynda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işi barada durup geçip, 2020-nji ýylda onuň önümçilik kuwwatlyklarynyň pes derejede ulanylandygyny belledi. Hususan-da, «Tejenkarbamid» zawodynda bu görkeziji 53,7, «Marykarbamid» zawodynda 62,5 göterime, «Maryazot» önümçilik birleşiginde bolsa, bary-ýogy 23 göterime barabar boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.