Aşgabatda oktýabr aýynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçiriler

Şu gün, 09:10305

Türkmenistanyň maýa goýum forumy oktýabr aýynda Aşgabatda geçiriler. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow makullady diýip, TDH habar berýär.

Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň ykdysady ösüşi we maýa goýum babatda özüne çekijiligi boýunça meseleleri, ýangyç-energetika we senagat toplumlarynyň geljegini, şeýle hem ygtybarly ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň ösüşini maslahatlaşar.

Şeýle-de, gün tertibine sanly we «ýaşyl» özgermeler, sanly maliýe tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, agrotelekeçiligi ösdürmek, oba hojalygynyň klimat üýtgemelerine durnuklylygyny ýokarlandyrmak hem-de daşky gurşawy goramak meseleleri giriziler.

Mundan başga-da, söwdany, hyzmatlar ulgamlaryny, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ösdürmek, halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek we ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça pikir alyşmak meýilleşdirilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.