Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýol howpsuzlygy boýunça mejlisinde çykyş etdi

Düýn, 11:342,360

Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň orunbasary Öwezgeldi Kakalyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak meseleleri boýunça ýokary derejeli mejlisine gatnaşdy. Mejlis 20–21-nji iýulda Nýu-Ýorkda Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynyň çäginde geçirildi.

104-nji plenar mejlisde wekiliýetiň ýolbaşçysy milli beýannamany hödürläp, onda Türkmenistanyň ýol hereketiniň howpsuzlygy ulgamyndaky döwlet syýasaty barada gürrüň berdi. Bu ugruň Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi bellenilip geçildi.

Çykyşda ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, ýol hereketini guramagy kämilleşdirmek, ulag akymlaryny dolandyrmagyň sanly tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, öňüni alyş işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak we ýol hereketine gatnaşyjylaryň jogapkärçilikli özüni alyp baryş medeniýetini kemala getirmek boýunça çäreler tanyşdyryldy.

Şeýle hem türkmen tarapy tejribe alyşmak, iň gowy tejribeleri ornaşdyrmak we ýol-ulag hadysalaryny azaltmak boýunça bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin BMG-ä agza döwletler, halkara guramalar we beýleki hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Mejlisiň netijeleri boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2030-njy ýyla çenli ýol-ulag hadysalarynda heläk bolanlaryň hem-de ejir çekenleriň sanyny azyndan 50% azaltmak baradaky ählumumy maksady tassyklaýan Kararnamany kabul etdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar milli strategiýalary berkitmegiň, ulag infrastrukturasyny ösdürmegiň we halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.