R.Meredow Ankarada gulluk iş saparynda bolar

21.02.2021, 23:4515,945

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 2021-nji ýylyň 22-24-nji fewraly aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde gulluk iş saparynda bolar. Wise-premýer iş saparynyň barşynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geçiriljek syýasy geňeşmelere hem-de «Türkmenistan — Türkiýe — Azerbaýjan» üçtaraplaýyn dialogyň çäklerinde geçiriljek daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşar. 
Degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.