Türkiýäniň daşary işler ministri Türkmenistana iş saparyny amala aşyrar

06.03.2021, 00:0010,819

2021-nji ýylyň 5-10-njy marty aralygynda Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu Merkezi Aziýa ýurtlaryna — Türkmenistana, Özbegistana we Gyrgyzystana iş saparyny amala aşyrar.

Türkiýäniň DIM-niň metbugat gullugynda habar berlişi ýaly, saparyň çäklerinde Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň döwlet Baştutanlary hem-de daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary geçirmeklik meýilleşdirilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.