Türkmenistanyň Prezidenti azerbaýjan kärdeşini Respublikanyň güni bilen gutlady

28.05.2021, 18:488,155

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewi 28-nji maýda bellenilýän Respublikanyň güni bilen gutlady.

Türkmen Lideri Azerbaýjanyň milli baýramçylygy mynasybetli gutlag hatynda «häzirki wagtda hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we doganlyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklarynyň üstünlikli ösýändigini aýtdy».

«Soňky ýyllaryň dowamynda ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlyk hil taýdan täze derejä çykdy» — diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ägirt uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmek üçin doganlyk Azerbaýjan bilen mazmunly gepleşikleri dowam etdirmek isleýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Lideri strategik häsiýete eýe bolan türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň doganlyk halklaryň bähbidi üçin ösdxriljekdigine we çuňlaşdyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.