Düýşleri ýazyp alýan we täzeden dikeldýän tehnologiýa Russiýada işlenip düzüldi

09.06.2021, 21:1817,635

Russiýada düýşleri ýazyp alýan we täzeden dikeldýän tehnologiýany döretdiler. Onuň kömegi bilen görülýän düýşleri toparlara görä tapawutlandyryp bolar. Çaklanylyşy ýaly, bu tehnologiýany 2025-nji ýyla çenli ulanyp başlarlar. Bu barada «Russia Today-iň» maglumatlaryna esaslanyp, moya-planeta.ru saýtynda ýazylýar.

Bu tehnologiýa adamyň düýşdäki täsirlerini gaýtadan dikeldip, ony toparlara (romantiki, ýakymly, ýakymsyz, gorkuly) bölüp biler. Ýöne onuň görlen şekilleri bolşy-bolşy ýaly janlandyryp biljekdigi hakynda entek hiç zat aýdylanok. 
Kelle beýnide suratlary täzeden dikeltmek bilen bagly gözegçilikleri geçirýän «Milli tehnologiýa başlangyçlarynyň» hünärmenleri 2019-njy ýyldan bäri bu taslamanyň üstünde işleýärler. Düýşleri tanamak boýunça täze tehnologiýanyň esasynda elektroensefalografiýa we neýroulgamyň işi durýar. Haçan-da, beýni örän ýokary işjeňlikde bolanda, beýniniň tiz uky böleginde düýş görmek hadysasy peýda bolýar. Bu bölegi göz almasynyň hereketlerinden, adamyň tiz-tizden alýan deminden we ýürek urşundan kesgitlemek mümkin.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.