Hytaýda ilkinji gezek adama kliniki synaglardan daşary beýni implanty oturdyldy

Düýn, 08:132,276

Şanhaýda lukmanlar ilkinji gezek kliniki synaglaryň çäginden daşary, lukmançylyk görkezmeleri esasynda näsaga «NEO» beýni implantyny oturtdy. Operasiýa Fudan uniwersitetiniň ýanyndaky Huaşan hassahanasynda geçirildi.

Hassa on ýyl mundan ozal awtoulag heläkçiliginde oňurga ýiliginden şikes alyp, ellerini doly ulanmak ukybyny ýitiripdi. Bu implant hereket funksiýalaryny dikeltmek üçin niýetlenendir.

«NEO» ulgamy teňňe ululygyndaky «beýni — kompýuter» inwaziw interfeýsidir. Gurluş beýniniň signallaryny okaýar we düşünýär, näsagyň hereket etmek islegini bilýär hem-de penjäniň işini ýerine ýetirýän daşarky robotlaşdyrylan ellige buýruklary geçirýär.

Lukmanlaryň maglumatlaryna görä, operasiýadan soň näsagyň ýagdaýy durnukly bolmagynda galýar, hasaba alynýan beýni signallarynyň hili bolsa garaşylýan görkezijilere doly gabat gelýär.

Implant mundan dört aý ozal Hytaýyň Lukmançylyk önümlerine gözegçilik etmek baradaky döwlet müdirligi tarapyndan tassyklanypdy. Häzirki wagtda bu gurluşy giňden ulanmaga rugsat berildi we ol lukmançylyk ätiýaçlandyryş ulgamyna girizildi.

Ýurduň häkimiýetleri «beýni — kompýuter» tehnologiýalarynyň ulanylyşyny has-da giňeltmegi meýilleşdirýär. 2027-nji ýyla çenli şeýle operasiýalaryň sanyny köpeltmek, 2030-njy ýyla çenli bolsa şeýle gurluşlaryň köpçülikleýin kliniki taýdan ulanylyşyny we tapgyrlaýyn önümçiligini ýola goýmak göz öňünde tutulýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.