Hytaýly alymlar kosmosa ýörite enjam-snarýad uçurmagy, ony 26 Mah tizlige çenli ýetirmegi we onuň kömegi bilen asteroidi öz orbitasyndan çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada Gonkongyň «SCMP» gazeti habar berýär.
Hytaýyň Milli kosmos müdirliginiň planetar gorag boýunça baş ylmy işgäri Li Mingtaonyň ýolbaşçylygyndaky alymlar toparynyň aýtmagyna görä, taslamanyň esasy maksady — asteroidiň Ýere görä orbitasyny gönüden-göni üýtgetmek ýa-da onuň gurluşyny böleklere bölmekdir.
Meýilnama boýunça älem giňişligine iki sany enjam uçurylar: zarba urujy zond göni asteroid tarapa ugrasa, syn ediji enjam has uzak traýektoriýa boýunça hereket edip, Weneranyň golaýyndan uçar. Ol öz tizligini we uçuş ugruny üýtgetmek üçin planetanyň dartyş güýjüni ulanar. Enjam gapdaldan partlama pursatyny bellige alar we bu çaknyşmanyň netijelerini öwrener.
Kosmos enjamynyň asteroid bilen sekuntda 9 kilometrden gowrak tizlik bilen çaknyşmagyna garaşylýar.
Alymlar 2030-njy ýyla çenli meýilleşdirilen bu hytaý missiýasyny NASA-nyň 2022-nji ýyldaky DART tejribesi bilen deňeşdirýär, ýöne öz taslamalaryny has uly maksatly hasaplaýar. DART has uly asteroidiň töwereginde aýlanýan kiçiräk hemrany uran bolsa, Hytaý özbaşdak uçýan ýekelikdäki asteroide hüjüm etmek we onuň Günüň töweregindäki uçuş ýoluny Ýere görä üýtgetmek isleýär. Nyşan hökmünde diametri 30 metr töweregi bolan 2015 XF261 asteroidi saýlandy.
2026-njy ýylyň iýul aýynda Hytaýyň Milli kosmos agentligi Ýeri goramak we Gün ulgamyny öwrenmek maksady bilen asteroidi sowmak boýunça ilkinji missiýany amala aşyrmak meýilnamalaryny yglan edipdi. Hytaý asteroidlerden goranyş ulgamyny 2030-njy ýyla çenli doly işläp taýýarlamagy meýilleşdirýär.