Dodagy-da mämişi..:.Kongo Demokratik Respublikasynda täze görnüşli maýmyn tapyldy

Düýn, 14:553,726
1 / 4

Kongo Demokratik Respublikasynyň tokaýlyklarynda alymlar maýmynlaryň täze bir görnüşini hasaba aldylar we oňa Colobus congoensis diýip at berdiler. Bu jandarlar ýerli halkyň arasynda «likweli» ady bilen hem tanalýar.

Barlagçylar täze maýmyny Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň (IUCN) Gyzyl kitabyna girizmegi maslahat berýärler, çünki olaryň ýaşaýan meýdany örän çäklidir we bu görnüş bütinleý ýitip gitmek howpy astynda bolup biler.

Ozal mälim bolmadyk bu primatyň bar ýeriniň ilkinji alamatlary 2006-njy ýylda ýüze çykypdy. Şonda Lomami milli seýilgähine guralan ekspedisiýanyň dowamynda alymlar üýtgeşik bir maýmyny surata düşürmegi başarypdylar. 2018-nji ýylda bu jandaryň gaýtadan görünmegi bolsa, ony has ýakyndan öwrenmäge ýol açdy.

Ähli subutnamalar ýeke-täk netijäni görkezende, biziň ozal hiç bir ýerde ýazylmadyk, täze bir primat görnüşi bilen ýüzbe-ýüz bolandygymyz aýdyň boldy. Maýmymlaryň täze bir görnüşiniň tapylmagy örän seýrek duş gelýän waka. Bu bolsa Kongo deryasynyň sebitinde entek öwrenilmeli zatlaryň örän köpdügini we bu görnüşiň ýaşaýan kiçijik çägini goramagyň nähili möhümdigini subut edýär

«Ähli subutnamalar ýeke-täk netijäni görkezende, biziň ozal hiç bir ýerde ýazylmadyk, täze bir primat görnüşi bilen ýüzbe-ýüz bolandygymyz aýdyň boldy. Maýmymlaryň täze bir görnüşiniň tapylmagy örän seýrek duş gelýän waka. Bu bolsa Kongo deryasynyň sebitinde entek öwrenilmeli zatlaryň örän köpdügini we bu görnüşiň ýaşaýan kiçijik çägini goramagyň nähili möhümdigini subut edýär» — diýip, Florida Atlantik uniwersitetiniň Biologik ylymlar kafedrasynyň dosenti we ylmy işiň baş awtory Keýt Detwaýler belleýär.

Geçirilen barlaglara görä, likweli maýmynlarynyň ýaşaýan meýdany Lomami we Lilo derýalarynyň arasynda takmynan 1,7 müň inedördül kilometr çägi öz içine alýar.

Genetiki we morfologiki seljermeler bu täze görnüşiň gara kolobuslara (Colobus satanas) has ýakyndygyny görkezdi. Emma olaryň ewolýusiýa şahalary tas 3,4–5,8 million ýyl mundan ozal aýrylypdyr. Colobus congoensis soňky 75 ýylyň dowamynda Afrikada hasaba alnan maýmynlaryň bäşinji täze görnüşi boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.