Akmaýanyň ýolunyň merkezinde ilkinji gezek «malina şekeri» tapyldy

Şu gün, 16:59723
1 / 2

Alymlar kosmos giňişliginde ilkinji gezek monosaharidi — «malina şekeri» hökmünde belli bolan eritrulozany tapdy. Bu molekula Akmaýanyň ýolunyň merkeziniň golaýyndaky ägirt uly gaz we tozan bulutlarynyň içinden tapyldy.

Monosaharidler ýönekeý şeker (organiki madda, uglewod) bolup, Ýerde ýaşaýşyň döremegi üçin esas bolup hyzmat edýär.

Eritruloza özünde dört sany uglerod atomyny saklaýar we ol gönüden-göni ýyldyzara giňişliginde tapylan hem-de tassyklanan ilkinji monosaharid boldy. Mundan ozal meteoritleriň we asteroidleriň nusgalarynda riboza we glýukoza tapylypdy.

Bu açyşy astrobiolog Izaskun Himenez-Serranyň ýolbaşçylygyndaky gözlegçiler topary amala aşyrdy. Gözegçilikler üçin Ispaniýadaky 40 metrlik radioteleskop we IRAM gullugynyň 30 metrlik teleskopy ulanyldy. Alymlar spektral signallaryň 12 sany toparyny barlaghana maglumatlary bilen deňeşdirip, bu birleşmäni anyklady.

Geçirilen modelirleme işleri eritrulozanyň kosmos tozanynyň bölejiklerinde has ýönekeý molekulalardan emele gelýändigini görkezdi.

«Kosmosda eritrulozanyň tapylmagy, kosmos giňişliginiň diňe bir irki Ýerde däl, eýsem Älemiň beýleki künjeklerinde-de ilkinji nuklein turşulyklarynyň prebiotik sintezi üçin “çig mal” bolan şekerleriň çeşmesi bolup hyzmat edip biljekdigini çaklamaga mümkinçilik berýär» – diýip, alymlar belleýär.

Ýer ýüzünde eritruloza, esasan, malinanyň düzüminde duş gelýär, şol sebäpli hem oňa «malina şekeri» diýlip at berildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.