1-nji iýunda Lexus RX krossoweriniň täze nesli tanyşdyrylar

20.05.2022, 09:0924,035

Bu Lexus RX krossoweriniň bäşinji nesliniň birinji tizeridir, onuň tanyşdyrylyşyny 1-nji iýunda geçirmek bellenildi. Bu bildiriş duýdansyz bolsa-da, modeliň ösüşi meýilnama boýunça gidýär, krossoweriň dördünji nesliniň ulanylyp ýörlenine eýýäm ýedi ýyl bolupdyr: häzirki RX 2015-nji ýylda çykypdy we 2019-njy ýylda meýilnamalaýyn üýtgeşmä sezewar bolupdy.

Gynansak-da, geljekki «er-iks» barada häzirlikçe ygtybarly maglumat ýok. Kompaniýada ulagyň bezeginiň düýpli üýtgejekdigini aýdýarlar, onuň esasynda GA-K modul platformasy (TNGA-nyň arhitekturasy) ýatsa gerek diýip pikir edilýär. Sazlaşykda başlangyç benzin wersiýasy, garnuwly görnüşi  we (ilkinji gezek) zarýad berilýän gibrid bolar diýip garaşylýar.
Ýogsa-da, V6 3.5 atmosfernigiň deregine kapotyň astynda 2.4 turboçetwýorka peýda bolar — şunuň ýaly ýer çalyşma Toyota Highlander-de bolupdy. Ynha, süýndirilen  Lexus RX L welin täze nesle geçmez: onuň ýerini üç hatarly Lexus TX-yň aýratyn modeli eýelär, emma onuň ilkinji görkezilişi 2023-nji ýylda bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.