Lexus RX modelini BMW X5 M bilen bäsleşmäge taýýarlaýarlar

Düýn, 21:152,796
1 / 7

Lexus kompaniýasy Ýewropada RX krossoweriniň üýtgeşik nusgasyny synagdan geçirýär. Çaklamalara görä, ol awtomobiliň sport görnüşi üçin esas bolup biler.

Eger modeliň hereketlendirijisi güýçlendirilip, şassisi gowulandyrylsa, ol BMW X5 M bilen hem bäsleşip biler. Synag edilýän RX adaty görnüşinden ulaldylan howa çekijileri hem-de giňeldilen tigir arkalary bilen tapawutlanýar. Bu tigir aralygynyň giňeldilendigini we has giň tigirleriň dakylandygyny aňladýar. Şeýle hem synag nusgasynda Brembo kysymly gyzyl supportly, deşikli tormoz disklerini hem görmek bolýar.

Carscoops neşiri awtomobiliň öňküden has ýere golaý düşürilendigini belleýär. Täze modeliň Toyota kompaniýasynyň baştutany Akio Toýodanyň hatyrasyna Morizo RR diýlip atlandyrylmagy hem mümkin.

Şeýle-de öňden mälim bolan maglumatlara görä, RX üçin täze 2 litrlik, 4 silindrli hereketlendirijili gibrid ulgam taýýarlanylyp bilner. Onuň kuwwaty, takmynan, 600 at güýjüne ýeter.

Maglumatlardan çen tutsaň, sport RX modeliniň ilkinji görkezilişi 2028-nji ýyla meýilleşdirilýär. Ýöne Toyota-nyň özi şeýle görnüşi çykarýandygy barada heniz resmi beýanat berenok.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.