Lexus LS täzelendi: Premium sedan öňküsindenem berk we durnukly boldy

Şu gün, 08:451,879
1 / 8

Lexus kompaniýasy Ýaponiýanyň bazary üçin özüniň flagman LS sedanyny täzeledi. Döwrebaplaşdyrma işleriniň dowamynda inženerler korpusyň has berk bolmagyna üns berip, asgy ulgamyny we rul dolandyryşyny hem gaýtadan sazlady, şeýle-de täze enjamlary goşdy.

Sedanyň bahasy indi 14,14 mln ýenadan 18,05 mln ýena (takmynan, $91,7 müňden $117,1 müňe) barabar.

Esasy tehniki işler korpusyň merkezi böleginde geçirildi. Merkezi tunneliň güýçlendirilmegi kuzowyň umumy berkligini ýokarlandyrdy. Mundan başga-da, yzky asgy ulgamy we bagažlyk bölegi REDS tehnologiýasy arkaly kämilleşdirildi — bu ýagdaýda metal böleklere ýörite termoreaktiw polimer şepbik bişirilip çalynýar. Bu bolsa ýollarda döreýän ýokary ýygylykly yrgyldylary basyp ýatyrmaga mümkinçilik berýär.

AVS adaptiw asgy ulgamynyň we ruluň elektro-güýçlendirijisiniň sazlamalary hem üýtgedildi. Lexus-yň nygtamagyna görä, bu birbada öwrümlerde korpusyň bir tarapa gyşarmagyny we yranmagyny gowşatmaly hem-de awtomobiliň sürüjiniň hereketlerine berýän garşylykly täsirini has takyk we tebigy etmeli.

Esasy parametrleri:

  • Hereketlendirijisi – 3,5 litrlik benzinli V6;
  • Hereketlendirijiniň kuwwaty – 299 a.g.;
  • Elektromotor – 179 a.g.;
  • Ulgamyň umumy kuwwaty – 359 a.g. çenli;
  • Hereket gutusy – Multi Stage Hybrid;
  • Ýörediji – yzky ýa-da doly AWD.

Täzelikleriň arasynda öň böleginde torly deflektory bolan panoramaly üçek hem bar. Ol üçek açyk wagty garşydan gelýän howa akymyndan döreýän sesi peseldýär. Executive wersiýasynda bolsa saýlap boljak salon reňkleri hem köpeldildi, olary haşamlanan aýnadan taýýarlanan bezeg panelleri bilen utgaşdyryp bolýar.

Täzelenen LS modelini yzky tarapyndan tanamak has aňsat: bagažlygyň gapagyndaky nyşanyň ornuna indi «LEXUS» diýen uly ýazgy ýerleşdirildi.