Lexus täzelenen NX krossowerini hödürledi, onuň satuwy 2026-njy ýylyň ahyrynda başlar.
Model täze nesil gibrid ulgamy, kämilleşdirilen doly ýörediji, täzelenen multimedia ulgamy hem-de awtomobil üçin adaty bolmadyk «Sensory Concierge» funksiýasy bilen üpjün edildi. Bu funksiýa salonyň yşyklandyryşyny, aýdym-sazy, klimat gözegçiligini, oturgyçlaryň temperaturasyny we ýakymly ys berijini özünde birleşdirip, olary saýlanan režime görä sazlaýar.

NX 2014-nji ýyldan bäri öndürilýär we Lexus-yň esasy modelleriniň biri bolmagynda galýar. 2026-njy ýylyň iýul aýynyň ahyryna çenli krossoweriň satuwy 90-dan gowrak ýurtda, takmynan, 1,9 mln awtomobile ýetdi.
Alyjylara awtomobiliň üç wersiýasy hödürlenýär:
-
450h+ wersiýasy — 2,5 litrlik hereketlendiriji we 326 at güýji bolan, tokdan zarýad alýan gibrid (PHEV) doly ýörediji ulgamly. Ol 100 km tizlige 6 sekuntda ýetýär.
-
350h wersiýasy — kuwwaty 245 at güýjüne barabar bolup, ol öňki ýa-da doly ýörediji (AWD) görnüşinde goýberilýär.
-
300h wersiýasy — 197 at güýjüni berýän 2 litrlik, 4 silindrli hereketlendiriji we öňki ýörediji ulgam bilen üpjün edilen.
450h+ üçin täze litiý-ion batareýasy işlenip düzüldi. Onuň kuwwaty 8%, sygymy bolsa bazarlaryň köpüsi üçin 30% artdyryldy. Çalt zarýad beriş goldawy peýda boldy. E-Four doly ýörediji ulgamy bolsa, indi göni ýoldan hereket edilende-de yzdaky elektromotory işledýär.
Salonda 12,3 dýuýmlyk sanly enjam paneli we 14 dýuýmlyk merkezi ekran ýerleşdirildi. «Sensory Concierge» ulgamy bäş sany ýakymly ysy hödürleýär, olary öňki gapyrjagyň içindäki ýörite bölümçede aňsatlyk bilen çalşyp bolýar. Ysy üýtgeden ýagdaýyňyzda, awtomobil ekranyň şekilini, sesi we salonyň yşyklandyryşyny hem şona görä awtomatik ýagdaýda sazlaýar.

Täzelenen «Lexus Safety System+» toplumy giňeldilen anyklaýyş zolagyna eýe boldy. Kör zolaklar gözegçilik ulgamy (Blind Spot Monitor) indi welosipedleri we motosiklleri saýgarmaga ukyply, panorama görnüşli monitor bolsa 3D-režimine eýe boldy.