Bloomberg ekologiýa taýdan iň howpsuz elektromobilleriň sanawyny düzdi

11.07.2022, 12:021,911
1 / 2

Bloomberg agentligi ABŞ-da satylýan iň «ýaşyl» elektromobilleriň sanawyny düzdi. Görlüp oturylsa, hemme elektromobil daşky gurşaw üçin birmeňzeş howpsuz däl eken.

"Geliň aýdyňlaşdyrmaga synanyşalyň: daşky gurşawy düýbünden hapalamaýan awtoulag diýen düşünje asla ýokdur. Kuzowyň polat panelleri asmandan inenok. Litiý akkumulýator batareýalaryna ýeriň astyndan akyp baranok. Hatda Gün panelleriniň işläp çykarýan toguny hem uly maýa goýumlaryny goýmazdan  we uglerod sarp etmezden alyp bolmaýar" - diýip, Bloombergde düşündirdiler.

Blooombergde ölçäp bolýan we her niçigem bolsa takyk görkezijileriň esasynda sanaw düzmegi karar etdiler: ýoly, elektrokarlaryň esasy häsiýetli aýratynlygy hasaplanýan,  bir gezek berlen zarýadda we bir ölçegdäki batareýada geçmek (bu bolsa hapalamanyň esasy çeşmeleriniň biri, sebäbi onuň önümçiligi köp energiýany we gymmat materiallary talap edýär). 

Netijede, Bloombergde  Green s Electric Car boýunça  birinji ýeri Lucid Air eýeledi. Bu awtoulagyň 118 kWt.s-lyk batareýasy bar we ol bir gezek berlen zarýad bilen 520 mile ýa-da 832 km-e çenli aralygy geçip bilýär. Ikinji ýerde 83 kWt.s batareýaly Long Range wersiýaly Tesla Model 3 durýar - bu model bir zarýadda 572 km geçip bilýär. Sanawyň soňunda bolsa GMC Hummer gelýär. Batareýasynyň 205 kWt.s-dygyna garamazdan, bu boldumly ulag bir zarýadda 526 km ýoly geçip bilýär.