Täze Mitsubishi Outlander bilen tanyşdyryldy

25.09.2022, 13:1420,307
1 / 3

Şu wagta çenli diňe adaty benzin "atmosfernikleri" bilen enjamlaşdyrylýan, Mitsubishi Outlander-iň dördünji nesli turbomotora eýe boldy. Bu wersiýa ilkibaşda diňe Hytaýda satylar, ony öndürmek bilen bolsa ýerli GAC-Mitsubishi kärhanasy meşgullanar.

Hytaý Outlander-ini Eclipse Cross-yň 48 woltly elektrik starter-generatory bilen üsti ýetiriljek we  aýlanýan pursady 215 at güýjüne çenli hem-de 280 HM forsirlenjek 1,5 litrlik 4B40 benzin hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrarlar.
Awtoulag wariatora we toplumyna baglylykda öňki ýa-da doly priwoda eýe bolar.
Hytaýyň Mitsubishi Outlander-iniň dördünji nesli daşky görnüşi boýunça global wersiýasyndan tapawutlanmaýar. Onuň salonynda 10,25 dýuýma çenli ulaldylan planşetli, täze sanly pribor panelli we proýeksion displeýli täze multimediýa ulgamy gurnalan.
Täze Outlander-iň oturgyçlarynyň ýerleşişi 2+3+2 şekilli 7 adamlyk wersiýasy bolar.


Täze Mitsubishi Outlander eýýäm güýzde hytaý bazarynda satylyp başlanar. Turbirlenen awtoulag biraz soňrak beýleki ýurtlarda hem peýda bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.