Ford täze Territory krossoweri bilen tanyşdyrdy

03.10.2022, 10:427,232
1 / 2

Ford kompaniýasy täze Territory krossoweri bilen tanyşdyrdy, ol hytaý Equator Sport-ynyň gysgaldylan wersiýasyna meňzeşdir, ýöne olaryň enjamlaşdyrylyşy we motor gammasy tapawutly.

Ford Territory-nyň standart toplumynda kruiz-kontrol, öçügsi zolaklaryň monitoring ulgamy, multimedia-güýmenje ulgamynyň 12 dýumlyk displeýi we 7 dýumlyk pribor paneli, şeýle hem hereketlendirijini işledýän düwme, açarsyz dostup we alty sany howpsuzlyk ýassygy bar.
Uly wersiýasynda yzy görkezýän kamera, simsiz zarýadka, sürüjiniň  we öňde oturan ýolagçynyň oturgyjynyň elektriki sazlaýjysy, salony fonly ýagtylandyryjy, iki zolakly klimat-kontrol, VistaRoof panorama ücegi we uzak aralyga gönükýän awtomatik çyrasy bar.
Ähli wersiýalar aýlanýan pursady 320 Hm-ly 187 at güýjüne deň kuwwatly bir sany 1.8 EcoBoost  turbomotora eýe boldular. Geçirijiniň korobkasy - iki ssepleniýaly 7 basgançakly "robot", priwody diňe öň tarapky.
Meksikada Ford Territory-nyň bahasy 29 müň dollardan 35 müň dollara çenli.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.