Ford hereketlendirijiide ýangyn howpy sebäpli 565 müňden gowrak ulagy yzyna çagyrar

Şu gün, 10:50624

Ford kompaniýasy hereketlendiriji bölüminde ýangyn howpy sebäpli ABŞ-da 565 691 sany ulagy yzyna çagyrýandygyny mälim etdi. Hereketlendirijiniň elektrik geçirijisiniň sim toplumynyň mümkin bolan zeperlenmesi gysga utgaşma, uçgun emele gelmegine, ýylylygyň bölünip çykmagyna we ýangyna getirip biler.

ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy milli müdirliginiň (NHTSA) habar bermegine görä, yzyna çagyryş 2021–2026-njy ýyllarda çykarylan "Bronco" we "Bronco Raptor" krossowerlerine degişlidir.

Yzyna çagyryş kampaniýasynyň çäginde resmi dilerler sim geçirijä goşmaça goraýjy örtügi mugt oturdarlar. Awtoulag eýelerine duýduryşlary iberiş möhletleri entek aýdylmady.

Mart aýynda Ford yzky görnüş kamerasynyň näsazlygy sebäpli "Bronco" modellerini eýýäm yzyna çagyrypdy. Şonda hyzmat ediş kampaniýasynyň sebäbi kameradan gelýän suratyň ekranda görkezilmegini bes edip biljek kemçilik bolup, ol heläkçilik ýagdaýynyň ýüze çykmak howpuny artdyrýardy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.